15 Olaryň biri sagalanyny görüp, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp, yzyna öwrüldi.
15 Оларың бири сагаланыны гөрүп, гаты сес билен Худайы шөхратландырып, ызына өврүлди.
Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.
Ol hem ýerinden turdy-da, dessine düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Hemmeler haýran galdy. Olar: «Biz beýle zady asla görmändik» diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
Soňra Isa ybadathanada ol adama gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, ýogsam başyňa mundan beter günler geler» diýdi.
Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi.