Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 16:3 - Mukaddes Kitap

3 Iş dolandyryjy öz-özüne: „Indi näme etsemkäm? Hojaýynym işimi elimden alýar. Men gazy gazmaga ejiz, dilenmäge utanýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Иш доландырыҗы өз-өзүне: „Инди нәме этсемкәм? Хоҗайыным ишими элимден аляр. Мен газы газмага эҗиз, диленмәге утанярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 16:3
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Haman içeri girdi. Patyşa ondan: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna näme edilse, gowy bolar?» diýip sorady. Haman öz içinden: «Patyşa menden başga kimi şeýle hormatlasyn?» diýip pikirlendi.


Ýaltanyň göwni isleýär, ýöne hiç zat gazanmaýar, janypkeşiň göwni bolsa dokmädedir.


Ýaltanyň ýoly tikenli aýmança meňzeýär, dogruçylyň ýoly bolsa düzdür.


Ýaltalyk gaflat ukusyna batyrýar, ýalta adam açlyk çekýär.


Ýalta ýer sürmän, orak wagtynda hasyl gözlär, ýöne tapmaz.


Kim guluny ýaşlykdan läliksireden bolsa, soňunda ony mirasdary etmeli bolar.


Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Baýramçylyk gününde, Rebbe dabara gününde näme edersiňiz?


Agşam düşen çagy, üzümçiligiň eýesi öz iş dolandyryjysyna: «Günlükçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle» diýýär.


Soňra olar Ýeriho şäherine geldiler. Isa şägirtleri we uly mähelle bilen bu şäherden çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimeý kör ýoluň gyrasynda dilegçilik edip otyrdy.


Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga-da ýerim ýok“ diýip, içini gepledýär.


Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen hakda eşidýän zatlarym näme? Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, sebäbi sen mundan beýläk meniň iş dolandyryjym bolup bilmersiň“ diýýär.


Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini ýara basan Lazar atly bir gedaý ýatardy.


Bir gün wagty dolup, gedaý ölýär. Perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna äkidýärler. Soňra baý hem ölýär we jaýlanýar.


Hä…, işden kowlan wagtym halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin“ diýip oýlanýar.


Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de,


Goňşulary we onuň owal dilegçilik edip ýörenini görenler: «Bu oturyp, dilegçilik edýän adam dälmi?» diýip soradylar.


Şol wagt ybadathananyň Owadan diýen derwezesine bir dogabitdi otura adamy göterip getirdiler. Ybadathana girýänlerden sadaka dilemegi üçin, ony her gün şol ýere getirip oturdýardylar.


Emma biz araňyzda käbirleriňiziň bikär gezýändigini eşidýäris. Olar öz işleri bilen bolman, başgalaryň işine goşulýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ