Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 16:23 - Mukaddes Kitap

23 Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Довзахда эҗир чекйән бай габагыны галдырып, узакдан Ыбрайымы ве онуң янындакы Лазары гөрйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 16:23
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.


Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda».


Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy – erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela


Akyldara ýokardaky durmuş ýolundan ýöremegi aşakdaky ölüler dünýäsinden daşlaşmagy üçindir.


Onuň aýaklary ölüme, ädimleri ölüler dünýäsine tarapdyr.


Onuň öýi ölüler dünýäsiniň ýoludyr, ölüme inýändir.


Emma ol ýerde ölümiň bardygyny, onuň ýanyna baranlaryň ölüler dünýäsiniň düýbündedigini bilmeýärler.


Emma sen ölüler dünýäsine, gabryň düýbüne inderilersiň.


Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi garşylamaga howlugýar; ol seniň üçin ölüleri, ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar; milletleriň ähli şalaryny tagtlaryndan turuzýar.


Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň, sebäbi sende görkezilen gudratlar Sodomda görkezilen bolsady, onda ol şu güne çenli saklanyp galardy.


Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup taşla. Saňa ýeke gözli bolup baky ýaşaýşa girmek, iki gözli bolup dowzah oduna zyňlanyňdan gowudyr.


Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz?


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony sogrup taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha atylmagyndan gowudyr.


Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar.


Şonda ol gygyryp: „Eý, Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyň ujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduň içinde men ejir çekýärin“ diýýär.


Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.


Ol Isany görende, gygyryp goýberdi. Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý, Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, meni gynama» diýdi.


«Eý, ölüm, hany seniň ýeňşiň? Eý, ölüm, hany seniň zäherli neşderiň?»


Hudaý hatda günä iş eden perişdeleri-de aýamady. Höküm gününe çenli saklansynlar diýip, olary zynjyrlap, dowzahyň tüm garaňky girdabyna gabap goýdy.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ