Depäňizden dabanyňyza çenli sagat ýeriňiz ýok, gan öýmelerdir, ýaralar, gany akyp duran ýaralar. Olar arassalanmadyk, saralmadyk, ýag bilen ýumşadylmadyk.
Şol wagt ybadathananyň Owadan diýen derwezesine bir dogabitdi otura adamy göterip getirdiler. Ybadathana girýänlerden sadaka dilemegi üçin, ony her gün şol ýere getirip oturdýardylar.
Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?
Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.