Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 16:19 - Mukaddes Kitap

19 «Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepis eşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 «Бир бай адам бар экен. Ол гырмызы дон ве непис эшиклер гейип, хер гүнүни шады-хоррамлыкда гечирерди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 16:19
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we nepis zygyr matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.


Danalygyň baýlygy hormat täjidir, akmaklaryň bezegi olaryň akmaklygydyr.


Özi ýorgan köpeýändir, lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr.


Atyryň deregine porsy ys, bil guşagyň deregine ýüp, buýra zülpleriň deregine kellik, bezemen lybasyň deregine jul, gözelligiň deregine utanç bolar.


Sen altyn-kümüş bilen bezeldiň, eşigiň nepis zygyr mata, gymmatbahaly we keşdeli matady. Höregiňe oňat un, bal we ýag iýdiň, owadanlygyňyň çeni-çaky bolman, şa aýalynyň derejesine ýetdiň.


Ine, seniň uýaň Sodomyň etmişi şudy: onuň özi-de, gyzlary-da tekepbirdiler, olarda bol nan we doly rahatlyk bardy, emma olar garyby we mätäji goldamady.


Müsürden getirilen keşdeli nepis zygyr matalar seniň ýelkeniňdi, olar saňa baýdak bolup hyzmat ederdi. Elişa kenarynyň mawy we gyrmyzy matasy seniň ýapynjaňdy.


Onuň egnine gyrmyzy don, başyna tikenden örülen täç geýdirdiler.


Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.


Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar.


Isa şägirtlerine şulary gürrüň berdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Bu iş dolandyryjynyň baýyň mal-mülküni dargadýandygy barada oňa şikaýat edipdirler.


Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen kişi-de zyna edýändir».


Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini ýara basan Lazar atly bir gedaý ýatardy.


Aýal bolsa goýy gyrmyzy we al-gyzyl lybaslara beslenip, altyn, gymmatbaha daşlar we dürler bilen bezenipdi. Onuň elinde ýigrenji zatlardan we zynahorlygynyň nejisliginden doly altyn şakäse bardy.


Olar möňňürişip, şeýle diýerler: „Waý, beýik şäheriň halyna waý! Ol nepis zygyr, goýy gyrmyzy we al-gyzyl geýnerdi, altyn, gymmatbaha daşlar we dürler bilen bezenerdi.


Ol näçe şöhratlanyp, aýşy-eşret çeken bolsa, şonça-da jebir, gam-gussa beriň oňa! Çünki ol öz ýüreginde şeýle diýýär: „Men melike kimin otyryn, dul däldirin, asla ýas tutmaryn“.


Altyn-kümüş düwmelerden, midýan patyşalarynyň goýy gyrmyzy reňkli geýimlerinden hem-de olaryň düýeleriniň boýnuna dakylýan altyn halkalaryndan başga, onuň ýygnan diňe gulak halkalarynyň agramy takmynan bir batman boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ