Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 16:16 - Mukaddes Kitap

16 Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwrada we pygamberleriň ýazgylaryna görä ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresi gelýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Яхя гелйәнчә, адамлар Төврада ве пыгамберлериң язгыларына гөрә яшамалы болупды. Инди болса Худайың Шалыгының Хош Хабары вагыз эдилйәр, оңа хеммелериң гиреси гелйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 16:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Baran ýeriňizde Gögüň Şalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň.


Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi.


Ýahýa size dogry ýol görkezmäge geldi, siz oňa ynanmadyňyz, emma salgytçylar we lolular oňa ynandylar. Siz muny göreniňizden soň hem ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz» diýdi.


Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.


Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.


Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.


Ýahýa tussag edilenden soňra, Isa Jelilä gelip, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdi.


Emma ol adam gidip, bolan zatlary ýetişibildigine gürrüň bermäge we ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin Isa indi hiç bir şähere arkaýyn girip bilmän, olardan daşda, çola ýerlerde bolýardy. Emma hemme ýerden Onuň ýanyna adamlar gelýärdiler.


„Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Emma şuny biliň: Hudaýyň Şalygy golaýlandyr!“ diýiň.


Ol ýerdäki hassalara şypa beriň we olara: „Hudaýyň Şalygy size golaýlady!“ diýiň.


Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň we pygamberleriň ýazgylary bar ahyry, goý, şolara gulak assynlar“ diýýär.


Ybraýym oňa: „Olar Musa we pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar“ diýip jogap berýär».


Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi.


Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi.


Muňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder. Rimliler hem gelip, ybadathanamyzy we halkymyzy ýok ederler» diýdiler.


Şeýlelikde, fariseýler biri-birine: «Görýäňizmi, elimizden hiç zat gelmeýär. Bütin dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler.


Emma Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi barada ähli pygamberleriň üsti bilen öňden aýdanlaryny berjaý etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ