Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 15:6 - Mukaddes Kitap

6 Öýüne gelip, dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten goýnumy tapdym!“ diýer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Өйүне гелип, достларыны, гоңшуларыны чагырып: „Мениң билен биле шатланың, йитен гойнумы тапдым!“ диер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 15:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Goňşularydyr dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa beýik merhemet edendigini eşidip, onuň bilen şatlandylar.


Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».


Sebäbi bu oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýýär. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.


Tapanda bolsa, ony begenç bilen egnine alyp gaýdar.


Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».


Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz.


Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Imanlylar ýygnagy olary ýola salyp ugratdy. Olar Finikiýanyň we Samariýanyň içinden geçip, keseki milletleriň-de Hudaýy kabul edendikleri barada gürrüň berdiler. Bu habar hemme imanlylara uly şatlyk getirdi.


Siziň ähliňiz üçin şatlanyp, elmydama Hudaýa doga-dilegler edýärin.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.


Biziň umydymyz we şatlygymyz kimdir? Rebbimiz Isa gelende Onuň öňünde guwanjak täjimiz kimdir? Siz dälmisiňiz? Elbetde sizsiňiz!


Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.


Siz goýunlar ýaly azaşypdyňyz, emma indi janyňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine dolanyp geldiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ