Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 15:29 - Mukaddes Kitap

29 Emma ol kakasyna şeýle jogap berýär: „Görýäňmi, men näçe ýyldyr, seniň üçin gul ýaly işledim, hiç haçan seniň buýruklaryňa ýok diýmedim. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şüweleň eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş-de bermediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Эмма ол какасына шейле җогап берйәр: „Гөрйәңми, мен нәче йылдыр, сениң үчин гул ялы ишледим, хич хачан сениң буйрукларыңа ёк диймедим. Муңа гарамаздан, өз достларым билен шүвелең эдер ялы, сен маңа хич хачан бир чебиш-де бермедиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 15:29
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men Senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.


Şeýle hem olar Hökmürowan Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylarydyr pygamberlerinden: «Ýyllar boýy edişimiz ýaly, bäşinji aýda agyz bekläp aglalymy?» diýip soramalydylar.


Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris?


«Bu iň soňky gelenler diňe bir sagat işlediler, biz bolsa, jöwzaly yssyda günuzyn agyr zähmet çekdik. Muňa garamazdan sen biziň zähmetimizi olaryňky bilen deň etdiň» diýýärler.


Uly ogly gaharlanyp, içeri girmek islemeýär. Şonda kakasy daşary çykyp, oňa ýalbarýar.


Emma ähli baýlygyňy loly heleýlere sowran bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çaldyň“.


Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».


Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».


Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi:


Men senden gorkdum, sebäbi sen gaty özdiýenli adam. Sen goýmadyk ýeriňden alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň“ diýýär.


Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy.


Men Kanun berilmänkä diridim. Emma Kanun berlenden soň günä janlandy-da,


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».


Sen: ‘Men baýdyryn, baýap, zada zar däldirin’ diýýärsiň. Aslynda welin nalajedeýin, betbagt, gedaý, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ