Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 15:28 - Mukaddes Kitap

28 Uly ogly gaharlanyp, içeri girmek islemeýär. Şonda kakasy daşary çykyp, oňa ýalbarýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Улы оглы гахарланып, ичери гирмек ислемейәр. Шонда какасы дашары чыкып, оңа ялбаряр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 15:28
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men Senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.


Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».


Rekabyň ogly Ýonadabyň nesilleri öz ata-babalarynyň beren tabşyrygyny berjaý etdiler, emma bu halk Meni diňlemedi“.


Hudaý Ýunusdan: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady. Ýunus: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi.


Olar puluny alan wagtlary ýer eýesine hüňürdeşip:


Isanyň ýanyna deri keseline ýolugan bir adam geldi. Ol dyzyna çöküp, Oňa: «Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz!


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.


Ol hem oňa: „Iniň gaýdyp geldi. Kakaň onuň sag-aman yzyna dolanyp geleni üçin, baga bakylan göläniň damagyny çaldy“ diýýär.


Emma ol kakasyna şeýle jogap berýär: „Görýäňmi, men näçe ýyldyr, seniň üçin gul ýaly işledim, hiç haçan seniň buýruklaryňa ýok diýmedim. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şüweleň eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş-de bermediň.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler.


Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.


Şunça köp mähelläni görüp, ýahudylary göriplik gurşap aldy. Olar Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, oňa sögdüler.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar.


Emma iman etmedik ýahudylar keseki milletleri bu iki resulyň üstüne küşgürip, imanlylara garşy olaryň aňyny zäherlediler.


Indi şuny hem soraýyn: ýa ysraýyl halky düşünmedimikä? Elbetde düşündi, sebäbi Hudaý Musa arkaly olara: «Men hem millet bolmadyklar bilen seni gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin» diýipdi.


Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!


Dawudyň adamlar bilen gepleşip duranyny görüp, gazaba münen iň uly agasy Eliýap oňa şeýle diýdi: «Seniň aşakda näme işiň bar? Çöldäki ojagaz goýunlaryňy kime taşlap gaýtdyň? Gedem hem gara ýüreg-ä sen. Söweşe tomaşa etmäge gelensiň sen».


Aýallaryň bu aýdýan sözi Şawula ýakmady, onuň juda gahary geldi. Ol: «Olar Dawuda on müňüsini, maňa bolsa müňüsini berýärler. Oňa indi diňe patyşa bolaýmak galdy» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ