Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 15:22 - Mukaddes Kitap

22 Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Эмма какасы хызматкәрлерине буйрук берип: „Дессине иң сайлама доны гетириң-де, оңа гейдириң. Эллерине йүзүк дакың, аякларына көвүш гейдириң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 15:22
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Faraon barmagyndaky patyşalyk möhürini çykaryp, ony Ýusubyň barmagyna dakdy; oňa gymmatbaha lybaslar geýdirdi we boýnuna altyn zynjyr dakdy.


Şeýlelikde, patyşa barmagyndaky möhür ýüzügini çykaryp, Hammedatanyň ogly, ýahudylaryň duşmany, agak tiresinden bolan Hamanyň eline berdi.


Patyşa Hamandan yzyna alan möhür ýüzügini çykaryp, Mordekaýa berdi. Ester Mordekaýy Hamanyň bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip goýdy.


Dolan, eý, şulamly gyz, dolan! Dolan, saňa bakaly, dolan. Iki toparyň tansyna tomaşa edýän deý, şulamly gyza bakjaksyňyz näme üçin?


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Ogly oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl“ diýýär.


Baga bakylan göläni getirip, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň!


Ynsan höwesleriňizi nädip kanagatlandyrarkam diýip oýlanmaň-da, gaýtam, Rebbimiz Isa Mesihe besleniň.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Hudaý bize Öz Ruhuny berdi. Ol muny gaýtadan gul bolup, gorkuda ýaşamagymyz üçin däl, eýsem Onuň perzentleri bolup, Mukaddes Ruh arkaly «Abba! Atam!» diýip çagyrmagymyz üçin amal etdi.


Çünki suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigen siziň baryňyz indi Oňa beslenensiňiz.


Aýagyňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etmek taýynlygyny geýiň.


Kiltleri demirden we bürünçden bolsun! Dyzynyň kuwwaty asla gaçmasyn!»


Oňa beslenmäge nepis, parlak, päk zygyrdan lybas berildi». Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».


Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al.


Şonda olara ak lybas berlip, ýene az salym sabyr etmelidigini aýtdylar. Çünki olaryň hataryna özleri ýaly öldüriljek ýoldaşlarynyň we doganlarynyň doly sany goşulmalydy.


Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ