Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 15:20 - Mukaddes Kitap

20 Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar. Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Йигит какасының янына уграяр. Оглы энтек узакдака, какасы оны гөрйәр. Оңа йүреги аваяр, ылгап барып оглуның бойнундан гуҗаклап, оны огшаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 15:20
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ysaw Ýakuba tarap ylgady; ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, ony ogşady. Olar aglaşdylar.


Soňra ol öz inisi Benýamini gujaklap aglady. Benýamin hem ony gujaklap aglady.


Ýusup arabasyna münüp, kakasy Ysraýyly garşylamak üçin Goşene gitdi; Ýusup kakasyny görüp, ony gujaklap, onuň gujagynda uzak wagtlap aglady.


Şondan soň Ýowap patyşanyň ýanyna gidip, Abşalomyň sözlerini oňa ýetirdi. Patyşa Abşalomy çagyrdy. Ol patyşanyň huzuryna gelip, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi. Patyşa Abşalomy ogşady.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi? Özünden önen çaga rehim etmezmi? Hatda ene öz balasyny unutsa-da, Men seni unutmaryn.


Olaryň ýollaryny gördüm, ýöne şonda-da olara şypa bererin, olara we ýas tutýanlara ýol görkezip, teselli bererin.


Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl. Meni öz günlükçileriňden biri ýaly kabul et diýeýin’“.


Ogly oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl“ diýýär.


Bu wada siziň özüňiz we çagalaryňyz üçin, uzakda bolanlaryň ählisi, ýagny Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň her biri üçindir».


Şonda olaryň hemmesi boýur-boýur gözýaş döküp, Pawlusy bagryna basdylar, ony ogşadylar.


indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz.


Mesih gelip, Hudaýdan uzakda bolan size we golaýda bolan ýahudylara bu parahatlyk Hoş Habaryny yglan etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ