Manaşanyň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr. Şeýle-de bu kitapda Manaşa özüni Hudaýyň öňünde peseltmezden öň guran seždegähleri, Aşera we beýlekilere diken butlary barada ýazylandyr.
Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp, size gözel ýurdy – ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim. Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz, Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.
Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.
Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?
Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!