Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 15:17 - Mukaddes Kitap

17 Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Ол ахырсоңы акылына айланып, өзүне шейле диййәр: „Какамың энчеме гүнлүкчилери бар, оларың хеммесиниң хем дойянча иймәге чөреклери бар. Мен болса бу ерде ачлыкдан өлҗек болуп йөрүн!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 15:17
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz ähtiňi ýatla, çünki ýurduň ähli buky ýerleri zulum öýlerinden ýaňa dos-doly.


Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar.


Ýolumy urduramdan soň puşman eýledim, akylyma aýlananymda dyzyma urdum. Ýaşlygymda eden aýyp işlerimden ýaňa utandym hem ile ryswa boldum“.


Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar. Halky duşmanyň eline düşende, hiç kim oňa kömek etmedi. Ol ýer bilen ýegsan bolanda, duşmany üstünden güldi.


Ol özüniň eden ähli günälerine göz ýetirip, olara toba edendigi üçin, hökman diri galar, ol ölmez.


Ol oýnaşlarynyň yzyndan kowalar, Ýöne olaryň yzyndan ýetip bilmez. Olary gözlär, ýöne tapmaz. Şonda ol aýdar: „Ilkinji ärimiň ýanyna dolanaryn, çünki öňki ýagdaýym häzirkimden gowudy“.


Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýärdi, emma oňa hiç kim hiç zat bermeýärdi.


Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär.


Halk bolan wakany görmek üçin geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, içinden arwah-jyn çykan adamyň geýnip, Isanyň aýagujunda oturandygyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.


Şol wagt Petrus özüne gelip: «Indi, hakykatdanam, Rebbiň Öz perişdesini ýollap, meni Hirodyň elinden we ýahudy halkynyň başymdan inderjek bela-beterlerinden halas edendigine anyk göz ýetirdim» diýdi.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ