Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 15:13 - Mukaddes Kitap

13 Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Бирнәче гүнден соң кичи оглы бар-ёгуны топлап, бир узак юрда гидйәр. Ол ерде шады-хоррамлыкда яшап, мал-мүлкүни еле совуряр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 15:13
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hezilligi söýýän mätäçdir, şeraby we ýagy söýýän baýamaz.


Arzyly hazyna hem ýag dananyň jaýyndadyr, akmak bolsa baryny symyşlar.


Höwürtgesinden daş giden guş nähili bolsa, öz öýünden daşlaşan adam-da şeýledir.


Düşünjeli ogul kanuny saklaýar, horanlar bilen ýoldaş bolan atasyna ysnat getirer.


Danalygy söýýän ogul atasyny şatlandyrýandyr, emma lolulara ýaran bolan mal-mülküni ýoklaýandyr.


Lolynyň bahasy bir döwüm çörege dursa-da, bu kemçin gymmatly jany awlaýandyr.


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.


Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň, bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler.


Olar: «Geliň, şerap getireliň! Çakyrdan julk doýalyň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.


Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.


Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?


Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular.


«Eý, halkym, Men saňa näme etdim? Nämede saňa ýük boldum? Maňa jogap ber!


Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden meniň paýyma düşenini ber“ diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölüp berýär.


Bar zadyny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol horluk çekmäge başlaýar.


Emma ähli baýlygyňy loly heleýlere sowran bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çaldyň“.


Isa şägirtlerine şulary gürrüň berdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Bu iş dolandyryjynyň baýyň mal-mülküni dargadýandygy barada oňa şikaýat edipdirler.


«Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepis eşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi.


indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz.


Mesih gelip, Hudaýdan uzakda bolan size we golaýda bolan ýahudylara bu parahatlyk Hoş Habaryny yglan etdi.


Olar öz eden ýamanlyklaryna laýyk jezasyny alarlar. Olar gündiziň güni keýp çekmekden hyjuwlanýarlar. Bular masgara hem ýüzügaradyrlar. Siziň bilen nahar iýýän wagty hem olar özleriniň hilegärliklerinden keýp alýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ