Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 15:10 - Mukaddes Kitap

10 Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Мен сизе шуны айдярын: тоба эден екеҗе гүнәли үчин, Худайың перишделериниң арасында эдил шунуң ялы улы шатлык болар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 15:10
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Näme Men erbet adamyň ölümini oňlaýarynmy? Men onuň erbet ýollaryndan toba edip, diri galmagyny islemeýärinmi näme? Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin.


Men hiç kimiň ölümini oňlamaýaryn. Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin. Şonuň üçin günäňizden el çekiň-de, diri galyň».


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Şeýlelikde, bu pes göwünlilerden biriniň heläk bolmagy gökdäki Ataňyzyň islegi däldir.


Size şuny diýýärin: kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder.


Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, onuň özi-de Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ret ediler.


Elbetde, ýok! Emma toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz».


Isa sözüni dowam etdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken.


Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».


Tapanda bolsa öz joralaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten teňňämi tapdym“ diýer.


Şonuň üçin hem Men saňa aýdýaryn: bu aýalyň köp günäleri bagyşlanandyr. Çünki onuň söýgüsi köpdür. Günäleri az bagyşlananlaryň bolsa söýgüsi azdyr».


Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.


Emma gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp:


Çünki Hudaýdan bolan gynanç adamy toba getirip, onuň halas bolmagyna ýardam edýär. Bu toba ökündirýän däldir. Emma dünýäden bolan gynanç ölüme eltýändir.


Kim bilýär, belki, Onesimiň hemişelik saňa dolanyp barmagy üçin, ol senden wagtlaýyn aýrylandyr.


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ