Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 14:21 - Mukaddes Kitap

21 Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriň köçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary şu ýere getir“ diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Хызматкәр гелип, булары өз җенабына хабар берйәр. Онсоң өй эеси гахарланып, хызматкәрине: „Дессине шәхериң көчелерине, ёл-ёдаларына гит-де, гарыплары, майыплары, көрлери, агсаклары шу ере гетир“ диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 14:21
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.


«Dogrudan-da, ynsan gezýär bir sudur kimin; dogrudan-da, biderek ýere ol hysyrdaýar; ýygnaýar, munuň kime galjagyny bilmeýär.


Gämileriňiň ýüpleri çözüldi, bogaldagy gaýym saklap bilmeýär, ýelkeni açyp bilmedi. Şonda köp oljalar paýlaşylar; hatda agsaklar-da olja talaň salar.


Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar;


«Iýerusalimiň köçelerine aýlanyň, daş-töweregiňizi synlaň, belläň! Şäher meýdançalarynda agtaryň. Eger adalaty berjaý edip, hakykaty gözleýän bir adam tapsaňyz, onda Men bu şäheri bagyşlaýyn.


Hut şol günüň özünde äht bozuldy. Jebir çeken goýunlar – olar maňa seredip durdular – munuň Rebbiň sözüdigine göz ýetirdiler.


Şeýlelikde, goýun söwdagärleriniň hatyrasyna men soýulmaly sürä çopan boldum. Elime iki taýak aldym-da, olaryň birini «Merhemet», beýlekisini bolsa «Bütewülik» diýip atlandyrdym. Şeýdip, sürini bakdym.


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Onsoň şägirtler gelip, Ondan: «Fariseýleriň bu sözi eşidip, nägile bolandyklaryny bilýärsiňmi?» diýip soradylar.


Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar. Olar gidip, bolan ähli zady onuň hojaýynyna habar berýärler.


Olar hem: «Bizi hiç kim hakyna tutmady» diýip jogap berýärler. Olara: «Siz-de üzümçilige gidiň» diýýär.


Meýlis guranyňda garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr.


Ýene biri: „Men täze öýlendim, şonuň üçin baryp bilmeýärin“ diýýär.


Hyzmatkär: „Jenap! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar“ diýýär.


Men size şuny aýdaýyn: şol ilkinji çagyrylanlaryň ýekejesi hem Meniň saçagymdan datmaz».


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Resullar yzyna gelensoň, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şähere gitdi.


Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi.


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.


Şunlukda, Dawudyň ýigitleri yzlaryna dolandylar we gelip, bularyň hemmesini Dawuda aýtdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ