Ýahuda patyşasy Hizkiýa halka gurbanlyk üçin müň öküz, ýedi müň goýun berdi, baştutanlar hem halka müň öküz, on müň goýun berdiler. Köp sanly ruhanylar inlerini tämizlediler.
Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer».
Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler.
Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi?
Onuň ýanyna bir uly mähelle geldi, olaryň arasynda agsaklar, maýyplar, körler, lallar we ýene-de bir topar hassalar bardy. Olary getirip, Isanyň aýagynyň astynda goýdular. Ol hem bulary sagaltdy.
Onsoň Isa Özüni çagyrana: «Günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyny bereniňde, dost-ýarlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy, baý goňşularyňy çagyrma. Eger çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, munuň öwezini dolar.
Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriň köçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary şu ýere getir“ diýýär.
Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar.
Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer.
Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar.
Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň.
Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,
Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.