Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 13:32 - Mukaddes Kitap

32 Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir arwah-jynlary kowup, şypa bererin, üçülenji güni işimi bitirerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Иса олара шейле дийди: «Гидиң-де, ол тилкә айдың, ине, Мен бу гүн ве эртир арвах-җынлары ковуп, шыпа берерин, үчүленҗи гүни ишими битирерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 13:32
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bize tilkileri, üzüm baglaryny weýran edýän tilkijikleri tutup beriň, çünki üzüm baglarymyz gül açýar.


Eý, Ysraýyl, seniň pygamberleriň harabalykda gezýän şagallar kimindir.


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler.


Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi.


Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.


Isany jebirli ölümi arkaly kämil etmeklik hemme zady Özi üçin we Özi arkaly ýaradan Hudaýa ýaraşdy. Sebäbi Hudaý Onuň ölümi arkaly ençeme ogullary şöhrata besledi.


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


Mukaddes Kanuna görä baş ruhanylyga ýönekeý ynsanlar bellenilýärdi, emma Kanundan soňra Hudaý ant içip, muňa Ogluny belledi. Ol kämil edilen müdimilik Baş Ruhanydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ