Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 13:24 - Mukaddes Kitap

24 «Men size diýýärin: dar gapydan girmäge çalşyň, sebäbi köpler bu gapydan girmäge jan ederler, emma başarmazlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 «Мен сизе диййәрин: дар гапыдан гирмәге чалшың, себәби көплер бу гапыдан гирмәге җан эдерлер, эмма башармазлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 13:24
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Masgaralaýjy danalyk agtarsa-da, ony tapýan däldir, düşünjeli adama bolsa bilim aňsatdyr.


Ýaltany öz höwesi öldürýär, çünki onuň elleri işden boýun gaçyrýar.


Akylsyzyň zähmeti ony ýadadýandyr, hatda ol şähere gidýän ýoly-da bilýän däldir.


Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Çümdüriji Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Şalygyna rehimsiz hüjüm edilýär we wagşy adamlar ony ele salýarlar.


Bir adam Ondan: «Eý, Agam! Halas ediljekleriň sany az bolarmyka?» diýip sorady. Isa olara şeýle diýdi:


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Balalarym! Men indi siziň bilen uzak bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz, ýöne ýahudylara aýdanymy size-de aýdýaryn: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz“.


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Siz Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz. Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz» diýdi.


Isa olara ýene: «Men gidip barýaryn; siz Meni gözlärsiňiz we günäňiziň içinde ölersiňiz. Siz Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi.


Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar.


Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.


Şonuň üçin, geliň, şol dynçlyk mekanyna girmek üçin jan edeliň. Hiç kim ysraýyl halky ýaly Hudaýa bitabynlyk edip, dynçlykdan mahrum bolmasyn.


Dolanyp gelenlerinden soň, olar Ýeşuwa: «Ähli adamlaryň ol ýere gitmegi hökman däl, goý, iki-üç müň adam gitsin-de, Aý galasyny basyp alsyn. Onuň ilaty az, ol ýere tutuş goşuny sürmegiň geregi ýok» diýdiler.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ