Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 13:14 - Mukaddes Kitap

14 Emma Isanyň hassa aýala Sabat güni şypa berenine gahary gelen sinagoga baştutany halka ýüzlenip: «Işlemek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, başga günlerde geliň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Эмма Исаның хасса аяла Сабат гүни шыпа беренине гахары гелен синагога баштутаны халка йүзленип: «Ишлемек үчин алты гүн бардыр, шыпа тапмага Сабат гүни дәл-де, башга гүнлерде гелиң» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 13:14
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar.


Olary mukaddes halk eden Meniň Rebdigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat günlerimi hem olar üçin belledim.


Siz ejiz goýunlaryň ählisini kowup, tä uzaklara dargadýançaňyz, ýanbaşyňyz we çigniňiz bilen itýärsiňiz, şahyňyz bilen süsýärsiňiz.


Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni Rebbe degişlidir.


Muny gören fariseýler Oňa: «Seret, Seniň şägirtleriň Sabat güni gadagan işi edýärler» diýdiler.


Sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy.


Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isany näme etmelidigi barada öz aralarynda maslahatlaşmaga başladylar.


Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Isany aýyplamakçy boldular. Sabat güni hassa şypa berermikä diýip, Ony aňtadylar.


Şol wagt sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy we Ondan öýüne barmagyny haýyş etdi.


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Onsoň olar sinagoganyň baştutany Sostenisi kazyýetiň öňünde tutup ýençdiler. Emma Galiýo bularyň hiç birine üns hem bermedi.


Sinagoga baştutany Krispus tutuş öý-içersi bilen bile Rebbe iman etdi. Pawlusy diňlän ençeme korintoslylar hem iman edip, Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.


Çünki Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekde olaryň diýseň yhlaslydygyna özüm diri şaýat. Emma şeýle yhlasly bolsalar-da, olaryň Hudaý hakda hakyky bilimi ýok.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ