Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 12:42 - Mukaddes Kitap

42 Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

42 Реб Иса шейле җогап берди: «Хоҗайының садык хем акыллы иш доландырыҗысы ким? Бейлеки хызматкәрлерине вагтлы-вагтында нахар бермек үчин, оларың үстүнден гоян адамы дәлми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 12:42
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, mukaddes öýüň her dürli işini ýerine ýetirýän hemme ökde senetçiler geldiler. Her kimiň etmeli işi bellenildi.


Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.


Ynsana şatlyk gowy jogapdan gelýändir, ýerlikli söz adama şatlyk getirýändir.


Injir agajyna seredýän onuň miwesini iýer, hojaýynyna seredýän hormatly bolar.


Entek garaňkyka turup, içerisine nahar, hyzmatkärlerine tabşyryk berýändir.


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


Olara çopanlar goýaryn, olar indi gorkmazlar, heder etmezler we ýitirim bolmazlar. Muny Reb aýdýandyr.


Siz ýag iýip, ýüňden eşik geýýärsiňiz; semiz goýunlar soýýarsyňyz, emma sürini bakmaýarsyňyz.


Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.


Agşam düşen çagy, üzümçiligiň eýesi öz iş dolandyryjysyna: «Günlükçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle» diýýär.


Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly!


Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.


Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Ýygnagyň ýolbaşçysy Hudaýa hyzmat edýär. Şoňa görä-de, ol müýnsüz bolmalydyr. Ol özdiýenli, gyzma, şeraba meýilli, uruşgan bolmaly däl, gara nebsine çapman,


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň.


Musa geljekde aýan ediljek sözlere şaýatlyk etmek üçin, hyzmatkär kimin Hudaýyň öýüne sadyk boldy.


Hudaý siziň her biriňize dürli ruhy peşgeşler berdi. Olary biri-biriňize hyzmat etmek üçin ulanyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ