Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 12:37 - Mukaddes Kitap

37 Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Хоҗайыны доланып геленде, онуң оя гөрҗек хызматкәрлери ненеңси багтлы! Сизе догрусыны айдярын, хоҗайын билини гушап, хызматкәрлерини сачак башында отурдар. Янына гелип, олара өзи хызмат эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 12:37
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýigidiň gyza öýlenişi dek, ogullaryň-da saňa eýe çykarlar, giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek, Hudaý-da seniň üçin şatlanar.


Men olara ýagşylyk etmekden şatlanaryn we hakykatdan hem tutuş janym-tenim bilen olary bu ýurtda ornaşdyraryn“.


Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».


Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz.


Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňa gapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň.


Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly!


Gaýtam, oňa: „Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşa-da, iýip-içýänçäm, maňa hyzmat et, özüň soňra iýip-içersiň“ diýmezmi?


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Haýsysy has uly: saçak başynda oturanmy ýa-da hyzmat edýän? Saçak başynda oturan dälmi? Emma Men siziň araňyzda bir hyzmat edýän kimindirin.


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Emma Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Hudaýy söýýänler üçin Onuň taýynlan zatlaryny ne göz görüpdi, ne-de gulak eşidipdi, ne-de ynsan akyly çaklapdy».


Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesihdir, ölüm-de bähbitlidir.


Men iki dagyň arasynda galdym: men dünýäden ötüp, Mesihiň ýanynda bolmak isleýärin. Bu juda ýagşydyr;


Şonda Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi şalygyna girmek hukugy size boldan-bol eçiler.


Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.


Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».


«Ine, Men bir ogry kimin gelýärin! Oýa bolan bagtlydyr! Ýalaňaç gezmän, uýatlaryny görkezmän, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ