Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 12:21 - Mukaddes Kitap

21 Özi üçin hazyna toplaýan, emma Hudaýyň nazarynda baý bolmadyk her bir adamyň soňy şeýle bolar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Өзи үчин хазына топлаян, эмма Худайың назарында бай болмадык хер бир адамың соңы шейле болар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 12:21
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Biri bardyr, özüni baý görkezýändir, ýöne hiç zady ýok. Biri bardyr, özüni garyp görkezýändir, emma baýlygy köp.


Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.


Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň, betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin, öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe!


Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir.


Şeýlelikde, dünýäniň baýlygynda ynamdar bolmasaňyz, size çyn baýlygy kim ynanar?


Emma waý halyňyza, eý, baýlar! Çünki siz eýýäm teselliňizi alansyňyz.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris.


Baýamakçy bolýanlar bolsa synaga düşüp, akmak we erbet höwesleriň toruna çolaşýandyrlar. Bu höwesler olary weýrançylyga we heläkçilige uçradýandyr,


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ