Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 12:20 - Mukaddes Kitap

20 Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Эмма Худай оңа: „Эй, акмак! Эдил шу гиҗәниң өзүнде җаның алнар. Онсоң өзүң үчин тайярлан затларың киме галар?“ диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 12:20
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Haman olara öz ummasyz baýlyklaryny, näçe oglunyň bardygyny, patyşanyň özüniň wezipesini beýgeldip, beýleki beglerden we köşk emeldarlaryndan ýokarda goýup, eden hezzet-hormatlaryny sanap berdi.


Hudaý hudaýsyzy ýok edip, janyny alansoň, onda näme umyt bolsun?


Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.


Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi – müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.


Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.


Erbetlik bilen gazanylan baýlygyň peýdasy ýokdur, dogrulyk bolsa ölümden halas edýändir.


Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.


Biri bardyr, özüni baý görkezýändir, ýöne hiç zady ýok. Biri bardyr, özüni garyp görkezýändir, emma baýlygy köp.


Ertirki günüň barada öwünme, çünki sen günüň näme getirjegini bilýän dälsiň.


Peýda we göterim bilen baýlygyny artdyrýan ony garyplara sahawat edýän adam üçin ýygnaýandyr.


Olar: «Geliň, şerap getireliň! Çakyrdan julk doýalyň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.


Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir. Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider, ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar.


Siz Lodebarda puç zada şatlanyp: „Karnaýymy öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“ diýýärsiňiz.


Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.


Akmaklar! Daşyny ýaradan içini-de ýaratmadymy?


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Çünki biz dünýä hiç zat getirmedik. Ondan hiç zat äkidip bilmejegimiz hem mese-mälimdir.


Ertir näme boljagyny nireden bilýärsiňiz?! Siziň ömrüňiz näme? Ol az salym görnüp, soňra ýitirim bolýan säher çygy ýalydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ