Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 12:17 - Mukaddes Kitap

17 Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga-da ýerim ýok“ diýip, içini gepledýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Ол адам: „Нәме этсемкәм? Хасылымы гоймага-да ерим ёк“ дийип, ичини гепледйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 12:17
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.


Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi?


Olar bolsa özara çekeleşip: «Ol muny biziň çörek almandygymyz üçin şeýle diýýändir» diýişýärdiler.


Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme.


Bir dindar Isany synamak üçin, ýerinden turup: «Mugallym! Baky ýaşaýşy miras almak üçin men näme etmeli?» diýip sorady.


Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.


Soňra Isa olara bir tymsal aýdyp berdi: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär.


Onsoň ol: „Hä, men, ine, şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, ähli gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnaryn.


Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň.


Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň.


Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir.


Iş dolandyryjy öz-özüne: „Indi näme etsemkäm? Hojaýynym işimi elimden alýar. Men gazy gazmaga ejiz, dilenmäge utanýaryn.


Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.


Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin on şähere häkim bol“ diýýär.


Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Iýmiti bolan hem şonuň ýaly etsin» diýip jogap berdi.


Olary daşary çykaryp: «Agalar! Men halas bolmak üçin näme etmeli?» diýip sorady.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar bolmalydyrys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ