Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 12:15 - Mukaddes Kitap

15 Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Онсоң олара: «Әгә болуң! Өзүңизи хер хили бетнебисликден гораң, себәби ынсаның яшайшы онуң мал-мүлкүниң боллугына баглы дәлдир» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 12:15
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Ten deregine ten! Ynsan öz jany üçin bar zadyndan geçer.


Eger binýatlar edilse weýran, näme edip biler ol dogry ynsan?»


Çünki, ýa Reb, men Saňa intizardyryn; Sen jogap berersiň, ýa Taňry meniň Hudaýym.


Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.


Köp baýlyk bilen kynçylykda ýaşanyňdan, az baýlyk bilen Rebden gorkup ýaşamak ýagşydyr.


Danalyk almak altyndan gowudyr, paýhas kümüşden oňatdyr.


Düşünjesiz hökümdar juda zalymdyr, adalatsyz gazanjy ýigrenýän bolsa ömrüni uzaldýandyr.


«Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes gün görýär hile bilen.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny zorluk bilen alýarlar, islän öýlerini eýeleýärler; birini öýünden, ýene birini bolsa mirasyndan mahrum edýärler.


Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň, betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin, öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe!


Soňra Isa olara bir tymsal aýdyp berdi: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär.


Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgara etmäge başladylar.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Tikenekligiň arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänlerdir, emma durmuşyň aladalary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler.


ne-de ogry-jümrüler, ne betnebisler, ne-de arakhorlar, ne paýyş sögünýänler, ne-de kezzaplar – şularyň biri-de Hudaýyň Şalygyny miras almaz.


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Adamlar diňe özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine boýun egmeýän, gadyr bilmez, adamlary sylamaýan,


Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.


Men olja alnan zatlaryň arasyndan owadan Şingar donuny, bäş gadak kümüş hem-de agramy bir ýarym gadak bolan altyn tokgasyny görenimde, gözüm gidip, olary ogurladym. Aşagyna kümüş goýup, men olary çadyrymyň içinde ýere gömdüm» diýip jogap berdi.


Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ