12 Mukaddes Ruh size näme diýmelidigiňizi şol pursadyň özünde öwreder».
12 Мукаддес Рух сизе нәме диймелидигиңизи шол пурсадың өзүнде өвредер».
Reb oňa: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme?
Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.
Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, siz näme ýa-da nädip aýtjakdygyňyzy gaýgy etmäň. Size näme aýtmalydygyňyz şol wagtyň özünde berler.
Şonda siziň özüňiz däl-de, siz arkaly Ataňyzyň Ruhy geplär.
Mähelläniň arasyndan biri Isa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen paýlaşsyn» diýdi.
Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.
Şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň ýolbaşçylary we ýaşululary!
Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.
Emma Mukaddes Ruhdan dolan Stefan asmana seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi.