Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 11:51 - Mukaddes Kitap

51 Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Zekarýanyň ganyna çenli bu nesil jogapkärdir. Hawa, Men size şuny aýdýaryn: ähli gabahatlyklar üçin şu nesil jogap berer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

51 Хабылың ганындан башлап, ыбадатхана билен гурбанлык сыпасының арасында өлдүрилен Зекаряның ганына ченли бу несил җогапкәрдир. Хава, Мен сизе шуны айдярын: әхли габахатлыклар үчин шу несил җогап берер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 11:51
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra ol Kabylyň dogany Habyly dogurdy. Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa daýhan bolup ýetişdi.


Munuň üçin sen olara şeýle diý: „Bu özleriniň Hudaýy Rebbe gulak asmaýan, dogry ýola gelmeýän milletdir. Hiç kim hakykaty aýtmaýar, ol hakda dil hem ýarmaýar.


Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň sekizinji aýynda Ydonyň agtygy, Berekýanyň ogly Zakarýa pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz.


Habyl iman arkaly Hudaýa Kabyldan has gowy sadaka hödürledi. Hudaý Habylyň sadakasyndan hoşal bolup, ony imany arkaly dogruçyl adam saýdy. Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi? Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ