Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 11:49 - Mukaddes Kitap

49 Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

49 Шу себәпден хем, Худайың акылдарлыгы шейле дийипдир: „Мен олара пыгамберлер, ресуллар иберерин, оларың кәбирини өлдүрерлер, кәбирини хем ызарларлар“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 11:49
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ata-babalaryňyzyň Müsürden çykan gününden tä şu güne çenli Men siziň ýanyňyza gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini her gün yzly-yzyna iberdim.


Başgalary bolsa onuň hyzmatkärlerini tutup azar berýärler, olary öldürýärler.


Şeýtmek bilen, siz atalaryňyzyň edenlerini tassyklaýarsyňyz. Hawa, pygamberleri atalaryňyz öldürdi, siz hem olaryň guburlaryny dikýärsiňiz.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler.


Seniň şaýadyň Stefan öldürilende, men hem şol ýerdedim. Bu işi oňladym we ony öldürenleriň eşiklerini sakladym“ diýdim.


Şonda olar gulaklaryny ýapyp, hemmesi birden batly gygyryşyp, Stefanyň üstüne topuldylar.


Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.


Emma çagyrylanlar üçin: ýahudy ýa ýahudy däl, parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Çünki akyldarlygyň hem bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir.


Olar halkyňyň we pygamberleriňiň ganyny dökdi, Sen hem olara gan içirip, almytyny berdiň!»


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ