Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 11:4 - Mukaddes Kitap

4 Bize garşy günä edenleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň günälerimizi bagyşla. Bizi synaga salma» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Бизе гаршы гүнә эденлери багышлайшымыз ялы, Сен хем бизиң гүнәлеримизи багышла. Бизи сынага салма» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 11:4
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

meni ähli ýamanlykdan goran perişde bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!»


şonda Sen gökde eşit-de, halkyň Ysraýylyň günäsini geçip, olary yzlaryna, atalaryna beren ýurduňa getir.


şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremegi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr.


Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda, meni halas et, maňa merhemet eýle.


Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»


Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.


Eger her biriňiz öz doganyny ýürekden bagyşlamasa, gökdäki Atam-da size şeýle eder».


Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.


Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň dostuňyz bar. Sen ýarygije şol dostuňyň ýanyna baryp: „Dost! Maňa üç çörek karz bersene.


Ýa Siloýam minarasy üstlerine ýykylyp ölen on sekiz adam ýadyňyzda dälmi? Eýsem şolar Iýerusalimdäkilerden has köp ýazyklydyr öýdýäňizmi?


Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, Hudaýa dileg ediň!» diýdi.


Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.


Olary dünýäden almagyňy däl-de, şeýtandan goramagyňy dileýärin.


Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.


Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň.


Emma Reb ynamdardyr. Ol size kuwwat berer we şeýtandan gorar.


Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ