Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 11:13 - Mukaddes Kitap

13 Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Шейлеликде, сиз эрбет болубам өз чагаларыңыза оңат пешгешлер бермеги билйән болсаңыз, онда гөкдәки Атаңыз Өзүнден дилейәнлере Мукаддес Рухы хас-да көп бермезми?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 11:13
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.


Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.


Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi? Özünden önen çaga rehim etmezmi? Hatda ene öz balasyny unutsa-da, Men seni unutmaryn.


Parzlarymy berjaý ederiňiz ýaly, Men sizi ruhum bilen dolduraryn; onsoň hökümlerimi doly ýerine ýetirersiňiz.


«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.


Başgalaryň özüňize eden ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar.


Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?


Bu zatlaryň baryny butparazlar agtarýarlar, ýöne gökdäki Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär.


Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?


Ýa bolmasa ýumurtga dilände, oňa içýan berer?


Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýle diýiň: «Eý, Atamyz, adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin!


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Çünki bir adamyň günäsi zerarly we şol adam arkaly ölüm höküm sürüp başlady. Emma Hudaýyň çäksiz merhemeti bilen aklanma peşgeşiniň bollugyny alanlaryň bary indi bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly baky ýaşaýyşda höküm sürerler.


Mende, hawa, ynsan tebigatymda oňat zadyň ýokdugyny anyk bilýärin. Sebäbi oňat işleri etmäge islegim bolsa-da, olary amal etmegi başarmaýaryn.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ