10 Hawa, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.
10 Хава, дилән алар, агтаран тапар, гапы какана ачылар.
Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm, Rebbe bolan ähli umydym öçdi».
Perýat edip, kömege çagyranymda, Ol dilegime gulak salmady.
Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme.
Elbetde, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.
Sizden haýsy ata ogly balyk dilände, balyga derek oňa ýylan berer?
Men size diýýärin: diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.
Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:
Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz.
Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.