9 Ol ýerdäki hassalara şypa beriň we olara: „Hudaýyň Şalygy size golaýlady!“ diýiň.
9 Ол ердәки хассалара шыпа бериң ве олара: „Худайың Шалыгы сизе голайлады!“ дийиң.
Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.
Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.
Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.
Isa olara ýene-de: «Hudaýyň Şalygyny nämä meňzedeli? Ony haýsy tymsal bilen düşündireli?
Olar köp arwah-jynlary kowup çykardylar, ençeme hassalara ýag guýup, olara şypa berdiler.
Emma başga bir şähere baranyňyzda, kabul edilmeseňiz, onuň köçelerine çykyň-da, olara:
„Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Emma şuny biliň: Hudaýyň Şalygy golaýlandyr!“ diýiň.
Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi.
Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.
Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez.
Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».
Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.