Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 10:42 - Mukaddes Kitap

42 Diňe bir zat gereklidir. Merýem iň oňadyny saýlady we bu onuň elinden hiç alynmaz» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

42 Диңе бир зат гереклидир. Меръем иң оңадыны сайлады ве бу онуң элинден хич алынмаз» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 10:42
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gadymky günleri ýada salýaryn, Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn, Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.


Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.


Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber.


Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;


Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar?


Bu aýalyň Merýem atly bir gyz dogany bardy. Ol Reb Isanyň alkymyna baryp oturyp, Onuň sözlerini diňleýärdi.


Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi.


Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.


Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir.


Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen hakda eşidýän zatlarym näme? Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, sebäbi sen mundan beýläk meniň iş dolandyryjym bolup bilmersiň“ diýýär.


Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň.


Şonuň üçin hem nähili diňleýändigiňize üns beriň. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasap edýän zady hem elinden alnar».


Beýtaniýa obasynda Lazar atly bir adam keselläp ýatyrdy. Onuň uýalary Merýem bilen Marta hem şol obada ýaşaýardylar.


Marta bilen Merýeme göwünlik bermäge köp ýahudylar Lazaryň patasyna gelipdiler.


Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy.


Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.


Emma Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz. Tersine, Meniň berjek suwum onuň içinde baky ýaşaýyş çeşmesine öwrüler» diýdi.


Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Eger men tutuş emlägimi garyp-gasarlara paýlap-da, magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de, söýgim bolmasa, bularyň maňa hiç peýdasy ýokdur.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Soňra Ýeşuwa ýene-de olara: «Rebbe gulluk etmegi saýlap alandygyňyza siziň özüňiz hakyky şaýatsyňyz» diýdi. Olar hem: «Hawa, biz şaýatdyrys!» diýip jogap berdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ