Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 10:31 - Mukaddes Kitap

31 Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka, ol adamy görüp, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Төтәнликде бир руханы шол ёлдан барярка, ол адамы гөрүп, ёлуң ол тарапы билен гечип гидйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 10:31
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýaş ýigit Dawuda şeýle jogap berdi: «Edil şol wagt men Gilboga dagyndadym. Men Şawulyň naýzasyna söýenip duranyny, duşmanyň söweş arabalarynyň we olary sürýän esgerleriň bolsa oňa golaýlaşyp barýandyklaryny gördüm.


Şoňa görä, ruhum sustlandy, meniň ýüregim sarsdy.


Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.


Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlüleriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr.


Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi?


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


«Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.


Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa, Ruhanylaryň topary-da şeýle. Şekem ýolunda ganhorlyk edip, erbet jenaýata ulaşýarlar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bir adam Iýerusalimden Ýeriho barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini sypyryp alýarlar-da, özünem ýenjip, çalajan halda taşlap gidýärler.


Onsoň bir lewi-de şol ýere ýeten wagty ony görüp, ýoluň beýleki tarapy bilen geçip gidýär.


Rut gidip, orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemäge başlady. Onuň tötänden giren ýeri Elimelegiň kowmyndan bolan Bowazyň ekin meýdany eken.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ