Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 10:28 - Mukaddes Kitap

28 Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, sen hem şeýle et, şonda ýaşarsyň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Иса оңа: «Догры җогап бердиң, сен хем шейле эт, шонда яшарсың» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 10:28
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.


Hudaýyň buýrugyny amal edýän öz janyny goraýar, ýollaryna üns bermeýän bolsa öler.


Men olara parzlarymy we hökümlerimi berdim. Bu hökümleri berjaý eden her bir adam ýaşar.


Ýöne ysraýyl halky çölde Meniň garşyma gozgalaň turuzdy. Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý eden adam aman galsa-da, olar kanunlarymy ýerine ýetirmediler. Hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny bütinleý harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.


Ýöne perzentler Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar; Meniň parzlarymy doly berjaý etmediler, bulary ýerine ýetiren adam aman galsa-da, hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.


Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men Rebdirin.


Isa: «Näme üçin Menden ýagşylyk hakynda soraýarsyň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Baky ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et» diýdi.


Isa onuň paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyň Şalygyndan uzakda dälsiň» diýdi. Şondan soň Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.


Simun: «Meniň pikirimçe, bergisi köp geçilen adam» diýip jogap berdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi.


Isa Mesih bolsa bu Kanunyň maksadyny amala aşyrdy. Şonuň üçin-de, Oňa iman edýän her kes Hudaý tarapyndan aklanandyr.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


men öldüm. Hawa, maňa ýaşaýyş bermeli Kanun meniň ölmegime sebäp boldy.


Mukaddes Kanuny berjaý etmek bolsa imana bagly däldir. Emma «ony berjaý edýän adam aman galar».


Soňra Hudaýymyz Reb biziň Ondan gorkup, bu parzlaryň hemmesini ýerine ýetirmegimizi buýurdy. Şonda bu günki ýaly, janymyz sag bolup, görjegimiz gowulyk bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ