Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 1:79 - Mukaddes Kitap

79 Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar, aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

79 Түмлүкде ве өлүм көлегесинде отуранлара нур сачылар, аякларымыз парахатлык ёлуна гөнүкдирилер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 1:79
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn. Bulutlar örtsün ony, garaňkylyk ony gorka salsyn!


Mowap – ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».


Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.


Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan.


Tekiz ýerde dur meniň aýagym, Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.


Onuň ýollary ýakymly ýoldur, barça ýodalary hem salamatlykdyr.


Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän, olaryň hazynalaryny doldurýan. Çünki men dogrulyk ýolundan, adalat ýodalaryndan ýöreýän.


Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.


Kör gözleri açmak, tussaglary tussaglykdan, zulmatda oturanlary zyndandan azat etmek üçin seni halka äht, milletlere nur ederin.


Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Reb: «Pislere rahatlyk ýokdur» diýýär.


Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.


Ýesirlere: „Çykyň“, garaňkydakylara: „Görnüň“ diýersiň. Olar ýol boýlarynda otlarlar, takyr depelerde öri taparlar.


Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýärler, adalat ýokdur ýodalarynda, özlerine egri ýollar etdiler, ol ýollardan ýöreýänler parahatlygy bilýän däldirler.


Beýik bir nur gördi, tümlükde gezýän halk; tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy.


Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar.


Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.


Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi, tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».


Keseki milletlere aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».


Her bir ynsany nurlandyrýan hakyky Nur dünýä geldi.


Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim.


Isa ýene-de halka ýüzlenip: «Dünýäniň nury Mendirin. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar» diýdi.


Men dünýädekäm, dünýäniň nury Mendirin» diýip jogap berdi.


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ