Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 1:76 - Mukaddes Kitap

76 Eý, balam, sen hem Beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň! Rebbe ýol taýýarlamak üçin, Onuň öňünden ýörärsiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

76 Эй, балам, сен хем Бейик Худайың пыгамбери диен ады аларсың! Реббе ёл тайярламак үчин, Онуң өңүнден йөрәрсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 1:76
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men gabra inip barýanlardan saýyldym, bir mejalsyz adam dek boldum.


Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.


Ine, Men-Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden öň, Özüm size Ylýas pygamberi ibererin.


Hirod Ýahýany öldürmek isleýärdi, emma halkyň Ýahýany pygamber saýýandygy üçin beýle etmekden gorkýardy.


Ynsandan diýmäge-de halkdan gorkýarys, sebäbi hemmeler Ýahýany pygamber saýýar».


Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Ine, Işaýa pygamberiň ol hakynda: «Çölde bir ses gygyrýar: „Rebbe ýol taýynlaň! Onuň ýodalaryny düzläň!“ diýýär» diýip aýdan şol adamy Ýahýadyr.


Emma ynsandan diýsek…» Olar halkdan gorkýardylar, çünki hemmeler Ýahýany hakyky pygamber saýýardy.


Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.


Ýahýa Işaýa pygamberiň sözleri bilen jogap berip: «Ine, „Rebbiň ýoluny düzläň“ diýip, çölde gygyrýan ses mendirin» diýdi.


Ol menden soňra geljekdir. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin» diýip jogap berdi.


„Men Mesih däl, men diňe Onuň öňünden iberildim“ diýenime siziň özüňiz şaýatsyňyz.


Ol Pawlusyň we biziň yzymyza düşüp: «Bu adamlar Beýik Hudaýyň gullarydyr. Olar size halas bolmagyň ýoluny wagyz edýärler» diýip gygyrýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ