Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 1:69 - Mukaddes Kitap

69-71 Öňki zamanda mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly, duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge, ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga, Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

69-71 Өңки заманда мукаддес пыгамберлер аркалы сөз берши ялы, душманларымыздан бизи халас этмәге, йигренйәнлериң әхлисинден дындармага, Ол бизиң үчин Өз гулы Давудың неслинден бир гүйчли Халасгәр чыкарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 1:69
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm. Halasgärim meni zulumdan halas eýleýär!


Goý, ynsanlar „Hökmürowan Reb Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýip, Seniň adyňy ebedilik belende götersinler. Guluň Dawudyň nesli Seniň öňüňde kuwwatlansyn.


Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin».


Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.


Hudaýymyz Taňryň merhemeti biz bilen bolsun. Haýyrly et ellerimiziň işini, hawa, ellerimiziň işi haýyrly bolsun!


Daglar emele gelmezden ozal, topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal, ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen.


Men ol gün ysraýyl halkyna güýç bererin, olaryň arasynda saňa saýrap duran dil bererin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.


Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:


Atamyz Dawudyň golaýlan patyşalygy gutly bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardylar.


«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»


Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.


Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ