Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 1:68 - Mukaddes Kitap

68 «Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun! Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

68 «Ысрайылың Худайы Реббе өвгүлер болсун! Чүнки Ол Өз халкына назарын салып, халас этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 1:68
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Duşmanlaryny onuň eline beren Beýik Hudaýa alkyş bolsun!» diýdi. Ybram ähli zadyň ondan birini Mäliksadyga berdi.


Ol: «Jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun, çünki Ol Öz sadyk söýgüsini meniň jenabymdan gaýgyrmady. Ol meni jenabymyň garyndaşynyň öýüne göni alyp geldi» diýdi.


Samyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Kengan Sama gul bolsun.


Patyşa dowam edip, şeýle dileg etdi: „Şu gün gözümiň açyklygynda meniň perzentlerimiň birine tagtymy beren, Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun“».


Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men ysraýyl halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Soň Dawut tutuş halkyň öňünde Rebbi alkyşlap, şeýle diýdi: «Eý, Atamyz Ysraýyl Hudaýy Reb, Saňa ezelden ebedä çenli alkyş bolsun!


Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.


Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty.


Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.


Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».


Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi.


Biz bolsa Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt edipdik. Onsoňam bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy.


Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Dawut Abygaýyla şeýle diýdi: «Şu gün meni saňa duşuran Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ