60 Emma ejesi muňa garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi.
60 Эмма эҗеси муңа гаршы болуп: «Ёк, онуң ады Яхя болмалыдыр» дийди.
we Rebbiň hatyrasy üçin, bu çaganyň adyna Ýedidýa dakylmalydygy hakda Natan pygamberiň üsti bilen habar iberdi.
Onsoň men pygamber aýal bilen ýatdym. Ol göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Reb maňa: «Adyna Maher-şalal-haşbaz dak.
Emma Merýem ogluny dogurýança, Ýusup oňa ýanaşmady. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy.
Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň.
Olar oňa: «Seniň garyndaşlaryňyň arasynda Ýahýa atlysy ýok ahyry» diýdiler.
Zekarýa hem ýazar ýaly bir tagtajyk tapyp, oňa «Ady Ýahýa» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdy.