50 Ol nesillerboýy Özünden gorkýanlara merhemet eder.
50 Ол несиллербойы Өзүнден горкянлара мерхемет эдер.
Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.
Siz diňe Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň. Reb sizi ähli duşmanlaryňyzyň elinden gutarar».
Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar.
Buýruklaryňy yhlasly berjaý etmegi, Sen emr etdiň.
Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip, Seniň gaşyňda sežde ederler, Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.
Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.
Gudratygüýçli meniň üçin beýik işler etdi. Onuň ady mukaddesdir.
Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli gullary, Ondan gorkýanlaryň uly-kiçi – ählisi, Oňa alkyş aýdyň!»