Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 1:33 - Mukaddes Kitap

33 Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Ол Якубың неслиниң үстүнден эбедилик шалык сүрер, патышалыгының соңы болмаз» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 1:33
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin.


Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“».


Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.


«Eý, adam ogullary, dolanyň» diýip, Sen bizi topraga dolandyrýarsyň.


Tagt merhemet bilen berkidiler, sadyklyk bilen şalyk sürer Dawudyň nesillerinden biri, adalaty agtarýan hökümdar dogrulygy ýöreder.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Indi men Nebukadnesar gögüň Patyşasyny öwgi bilen beýgeldip hormatlaýaryn. Çünki Onuň ähli işleri hakykat, ýollary adalatdyr. Tekepbirleri peseltmäge Onuň güýji ýetýändir.


Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.


Emma patyşalygy Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary alarlar, olar patyşalyga hemişelik, ömürbaky we ebedilik eýelik ederler».


Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Ýeňijiler Ysaw daglarynyň üstünden höküm sürmek üçin, Sion dagynyň üstüne çykarlar. Patyşalyk Rebbiňki bolar».


Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Sion dagynda Men – Reb olara hökümdarlyk ederin».


Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Merýem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok ahyry» diýdi.


Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


Hudaýyň Ysraýyl halkyna, ýagny şu düzgüni berjaý edýänleriň baryna parahatlyk bilen merhemet ýar bolsun!


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Emma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ