28 Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, ýalkanan gyz! Reb seniň bilendir!» diýdi.
28 Перишде онуң янына гелип: «Салам, эй, ялканан гыз! Реб сениң билендир!» дийди.
Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.
Ol maňa: «Jandan eziz söýülýän ynsan, gorkma, saňa rahatlyk bolsun! Dözümli we mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende, men güýçlendim we oňa: «Aýdyber, jenabym, çünki sen maňa güýç berdiň» diýdim.
Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.
Emma Isa muny aýdana: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi.
Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir boý gyzyň ýanyna iberdi. Ol gyzyň ady Merýemdi.
Merýem bu sözlere ör-gökden gelip, bu salamyň näme aňladýandygyny biljek bolup pikire batdy.
Perişde oňa ýüzlenip: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda merhemet tapdyň.
Ol batly gygyryp: «Sen aýallar arasynda ýalkanansyň, göwräňdäki çaga hem ýalkanandyr!
Men seniň bilendirin, hiç kim saňa azar bermez, ýamanlyk etmez, sebäbi bu şäherde Meniň halkymyň sany köpdür».
Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!
Keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýagel çadyrda ýaşaýan aýallar arasynda ýalkansyn!
Rebbiň perişdesi oňa görnüp: «Eý, edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» diýdi.
Ine, Bowaz Beýtullahamdan geldi. Ol orakçylara: «Reb siz bilen bolsun!» diýip ýüzlendi. Olar hem: «Seni-de Reb ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.