Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 1:20 - Mukaddes Kitap

20 Sen meniň bellenen wagtda amala aşjak sözlerime ynanmadyň. Şonuň üçin hem seniň diliň tutulyp, şu zatlaryň amala aşjak gününe çenli gepläp bilmersiň» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Сен мениң белленен вагтда амала ашҗак сөзлериме ынанмадың. Шонуң үчин хем сениң дилиң тутулып, шу затларың амала ашҗак гүнүне ченли гепләп билмерсиң» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 1:20
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.


Reb oňa: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme?


Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla’“».


Şol gün beladan gaçyp gutulan adam bilen gepleşmek üçin saňa täzeden dil biter, sen geplärsiň, gaýdyp diliň tutulmaz. Sen olar üçin bir alamat bolarsyň, onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Olaryň pitneçi halkdygy üçin Men diliňi damagyňa ýapyşdyraryn, sen lal bolarsyň we olara öwüt berip bilmersiň.


Ol maňa bu sözleri aýdýarka, men ýüzümi aşak salyp, dilim tutuldy.


Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi.


Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.


Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Perişde oňa: «Men – Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşip, saňa bu Hoş Habary gowşurmak üçin iberildim.


Şol wagt Zekarýa garaşyp duran halk onuň ybadathanada eglenenine geň galdy.


Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.


Rebbiň aýdanlarynyň amala aşjakdygyna iman eden aýal bagtlydyr!» diýdi.


Şol wagt Zekarýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady.


Olaryň käbiriniň Hudaýa sadyk galmandygy hemmelere mälimdir. Ýöne olaryň biwepalygy, heý-de, Hudaýyň sadyklygyny ýok edermi?


Emma biz Oňa sadyk galmasak-da, Ol bize sadykdyr, sebäbi Ol Özüni ret edip bilmeýär.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ