Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.
Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.
Ýahýa size dogry ýol görkezmäge geldi, siz oňa ynanmadyňyz, emma salgytçylar we lolular oňa ynandylar. Siz muny göreniňizden soň hem ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz» diýdi.