Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 1:15 - Mukaddes Kitap

15 Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Чүнки ол Реббиң назарында бейик болар. Ол хич хачан агзына шерап ве ичги алмаз. Ол хениз энесиниң гөвресиндекә, Мукаддес Рухдан долар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 1:15
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşa hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi.


Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.


Baýlyklardyr sylag-hormat Senden gelýär, Sen ählisiniň üstünden höküm sürýärsiň. Güýç hem kuwwat Seniň eliňdedir. Ähli zady belent ýa-da kuwwatly etmek Seniň eliňdedir.


«Men seni eneňiň göwresinde şekil bermezimden öň tanadym. Eneden dogulmazyňdan öň seni Özüme bagyş etdim, milletlere pygamber belledim».


Emma olar şeýle jogap berdiler: «Ýok, biz içjek däl, çünki atamyz Rekabyň ogly Ýonadap bize şeýle buýruk berdi: „Siziň özüňiz-de, çagalaryňyz-da hiç wagt şerap içmeli dälsiňiz.


«Özüňem, ogullaryňam Rebbe ýüz tutulýan çadyra çakyr ýa-da şerap içip girmäň, ýogsam ölersiňiz. Bu siziň nesilleriňiz üçin hem ebedilik düzgün bolsun.


Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.


Bu saňa uly şatlyk getirer, onuň doglanyna köp adamlar şatlanar.


Size şuny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Hudaýyň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir».


Ine, Ýahýa çümdüriji geldi, ol iýenogam, içenogam. Siz bolsa oňa „jynly“ diýýärsiňiz.


Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz.


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Emma Hudaý merhemet edip, meni eneden dogulmankam saýlap çagyrdy. Ol Hoş Habary keseki milletlere wagyz etmegim üçin, maňa Öz Ogluny aýan etmegi makul bildi. Şonda men hiç kime geňeşmedim


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Reb Ýeşuwa: «Şu gün Men seni ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda beýgeltjek, goý, olar Meniň Musa bilen bile bolşum ýaly, seniň bilen hem bile bolýandygymy bilsinler.


Şol gün Reb ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda Ýeşuwany beýgeltdi. Olar Musadan gorkuşlary ýaly, ömrüniň bütin dowamynda Ýeşuwadan hem gorkdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ