Harun günäden saplamak üçin, iň mukaddes otaga girip, özüni, maşgalasyny we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplap, daşaryk çykýança, Rebbe ýüz tutulýan otagda hiç kim bolmasyn.
Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi.
Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi.