Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 9:7 - Mukaddes Kitap

7 Onsoň Musa Haruna şeýle diýdi: «Gurbanlyk sypasyna golaý bar-da, öz günä gurbanlygyňy we ýakma gurbanlygyňy ber, özüňi we halkyňy günälerinden sapla. Rebbiň buýruşy ýaly, halky beren gurbanlygy bilen günälerinden sapla».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Онсоң Муса Харуна шейле дийди: «Гурбанлык сыпасына голай бар-да, өз гүнә гурбанлыгыңы ве якма гурбанлыгыңы бер, өзүңи ве халкыңы гүнәлеринден сапла. Реббиң буйрушы ялы, халкы берен гурбанлыгы билен гүнәлеринден сапла».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 9:7
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn. Ol özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bu öküzçäniň damagyny çalsyn.


Harun mukaddes ýerde suwa düşünip, özüniň gündelik geýýän geýimlerini geýsin. Soňra çykyp, özi üçin we halk üçin ýakma gurbanlyklaryny hödürläp, özüni hem-de halky günälerinden saplasyn.


Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn.


Bu günki ýerine ýetirilen her bir iş Rebbiň tabşyrygy boýunça, siziň günäleriňizden saplanmagyňyz üçin edildi.


Ol Haruna şeýle diýdi: «Özüňe günä gurbanlygy üçin bir şikessiz göläni, ýakma gurbanlygy üçin hem bir şikessiz goçy alyp, olary Rebbe hödür et.


Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär.


Şu sebäpden ol halkyň-da, özüniň-de günäleri üçin gurbanlyk bermäge borçludyr.


Emma çadyryň içki otagyna ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýärdi. Ol özi üçin we halkyň bilmezlikden eden günäleri üçin hödürlemäge ýany bilen hemişe gurbanlyk ganyny almalydy.


Şoňa görä Eliýiň maşgalasynyň günäsi gurbanlyk bilen-de, sadaka bilen-de hiç wagt ýuwulmaz diýip, Men onuň nesline garşy ant içdim».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ