Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 9:24 - Mukaddes Kitap

24 Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Реббиң хузурындан от гелди, от гурбанлык сыпасының үстүндәки гүнә гурбанлыгыны ве ягы якып, олары күле өвүрди. Бу ахвалаты гөрен бүтин халк гыгырышып йүзин йыкылды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 9:24
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseli ojak hem-de ýalynly çyra görnüp, bular haýwan bölekleriniň arasyndan geçipmiş.


Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur: sen köp milletleriň atasy bolarsyň;


Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny hödürledi. Ol Rebbi çagyrdy; Reb ýakma gurbanlyk sypasynyň üstünde gökden ot bilen Dawuda jogap berdi.


Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum».


Olar Rebbi alkyşlap, Oňa şükür edip: «Reb ýagşy, Onuň Ysraýyla bolan söýgüsi baky» diýip, nagma aýtdylar. Rebbi alkyşlanlarynda, bütin halk uly şowhun etdi, sebäbi Rebbiň öýüniň düýbi tutulypdy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Oňa çalynyň ortarasynda alawly ot bolup, Rebbiň bir perişdesi göründi. Musa çalynyň ýanýandygyna garamazdan, onuň hiç otda ýanyp gutarmaýandygyny gördi.


Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler.


Gurbanlyk sypasynyň üstünde hemişelik ot ýanyp dursun, ol hiç haçan öçmesin.


Musa bilen Harun bütin ysraýyl halkynyň öňünde ýüzin ýykyldylar.


Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.


Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.


Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.


Mahluklar her gezek tagtda Oturany, baky ýaşaýan Hudaýy şöhratlandyryp, Oňa hormat bildirip, şükür edenlerinde,


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Tagtyň, ýaşulularyň we dört mahlugyň töweregindäki perişdeleriň ählisi ýüzin düşüp, Hudaýa sežde etdiler.


Aýaly oňa: «Eger Reb bizi öldürmek islän bolsa, biziň elimizden ýakma gurbanlygymyzy we galla sadakamyzy kabul etmezdi, bize şol täsinlikleri görkezmezdi, bu zatlary bize mälim etmezdi» diýdi.


Perişdäniň elinde hasasy bardy. Ol hasanyň ujuny et bilen petire degrende, daşdan ot çykdy. Ot daşyň üstündäki et bilen petiri ýakyp kül etdi. Hut şol wagt Rebbiň perişdesi gözden gaýyp boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ